logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ABDULHAMYT ÇOLPON

«GÜÝZ ÝAGŞY»

Döküldi damjalar...

Ýapragyň ýüzi

Damja ogşadyp ezildi,

Çukurjyga doldy...

Damjany köpeldip

Ýüzünde oýnatdy.

Çukurjyk

Jinnek ýaly kölçe,

Damjalar –

Gök asmanyň sözleri

Baran ýerin gamçylar...

               «GÖZEL»

Garaňky gijede göge göz dikip,

Iň ýagty ýyldyzdan seni soraryn.

Ol ýyldyz uýalyp, başyny bukup,

Dillener: men ony düýşde görerin.

Düýşümde görerin – şeýle bir gözel,

Bizden-de gözeldir, Aýdan-da gözel!


Gözümi aýlaryn Aý dogan ýere,

Başlaryn Aýdan-da seni sormaga.

Ol hem aýdar: bir gyrmyzy ýaňaga

Uçradym düýşümde, gömülen aga.

Aga gömülen-de şeýle bir gözel,

Menden-de gözeldir, Günden-de gözel!


Saba daň şemaly saçlaryn ýaýyp,

Ýanymdan ötende sorap görerin.

Aýdadyr: bir görüp, ýolumdan ozup,

Dag-u-daşlar içre gözläp ýörerin!

Bir gördüm men ony – şeýle bir gözel,

Aýdan-da gözeldir, Günden-de gözel!


Ol gidip, Gün çykar nuruny saçyp,

Ondan-da soraryn seniň gaşyňda.

Ol-da öz odundan gizlenip, gaçyp

Aýdadyr: bir gördüm, düýşde däl, aňda.

Men aňda göremde şeýle bir gözel,

Aýdan-da gözeldir, menden-de gözel!


Men biçäre, nädip ony söýüp men,

Oň üçin ýanyp men, ýanyp-köýüp men,

Başymy zor yşka berip goýup men,

Men söýüp...men söýüp...kimi söýüp men?


Meň söýen magşugym şeýle bir gözel,

Aýdan-da gözeldir, Günden-de gözel!


                 «BENEWŞE»

Benewşe, bu senmi, benewşe–senmi,

Ýol ugrunda nyrh kesilip satylan.

Benewşe, bu menmi, benewşe menmi,

Seniň söýgiň hem gaýgyňa gyýylan?

Benewşe, nämüçin, parlap açylman,

Şatlanmankaň pudagyňdan üzüldiň?

Benewşe, nämüçin ysyň saçylman,

Gunça wagtyň ýolunmaga dözüldiň?

Benewşe,

Aýt maňa,

Kimlerkä olar,

Iňňäni bagryňa dürtüp sançsalar?

Benewşe,

Bir sözle,

O neneň gollar,

Uzalyp gül-gunçalarňy ýolsalar?


Benewşe, şeýle bir ajap görküň bar,

Uz ýylgyryp, açylyşyň gysga seň?

Benewşe, şeýle bir hoşboý ysyň bar,

Köňlüme nur berer ýeke ysgasam?


Benewşe, aglama, indi gel bäri,

Gaýgylaryň gaýgylarma goşulsyn.

Seniň üçin kükregim bor erk ýeri,

Ol seni bu ýerden göge uçursyn.

Benewşe, dertdeşim, neçüýn gelmez sen,

Gussaň köpdür, meň derdimi bilmez sen,

Neçüýn maňa bir ýylgyryp bakmaz sen?


ABDULHAMYT ÇOLPON

(Terjime eden: A.Rejepow)