logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GÜÝZDE GÖZELLIK BAR, GÜÝZDE ÝALKYM BAR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda “Garaşsyzlygyň XV ýyllygy” seýilgähinde “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Güýzde gözellik bar, güýzde ýalkym bar” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmen tebigatynyň ähli pasyllary hem owadan, sahawatly sazlaşykly. Ýöne altyn güýzüň gelişi başgaça bolýar. Danalygyň, arassalygyň öwüşgüninde gelýän güýz paslyny wasp etmedik şahyr az-azdyr. Güýz biziň gözümüze işeňňirligiň pasly ýaly hem görünýär. Dana ata-babalarymyz güýz paslynyň aýratynlygyny sanaýan nakyllary çintgäp-çintgäp aýdypdyrlar. “Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür” diýip aýdylan sözler hem güýz paslynyň bereketli pasyldygyny kesgitleýär. Güýz şahyrlaryň döredijiligine hem uly täsir edýär. Güýz paslyny örän köp wasp eden şahyrlarymyzyň biri hem Gurbannazar Ezizowdyr. Onuň tebigat baradaky eserleriniň içinde altyn güýz hakyndaky goşgulary aýratyn saýlanyp dur. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmenleri söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňleri beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny ösüşüň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.