logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÜÝZE GÖZELLIK BAR, GÜÝZDE ÝALKYM BAR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda “Garaşsyzlygyň XV ýyllygy” seýilgähinde “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Güýze gözellik bar, güýzde ýalkym bar” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmen tebigatynyň ähli pasyllary hem owadan, sahawatly sazlaşykly. Ýöne altyn güýzüň gelişi başgaça bolýar. Danalygyň, arassalygyň öwüşgüninde gelýän güýz paslyny wasp etmedik şahyr az-azdyr. Güýz biziň gözümize işeňňirligiň pasly ýaly hem görünýär. Dana ata-babalarymyz güýz paslynyň aýratynlygyny sanaýan nakyllary çintgäp-çintgäp aýdypdyrlar. “Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür” diýip aýdylan sözler hem güýz paslynyň bereketli pasyldygyny kesgitleýär. Güýz şahyrlaryň döredijiligine hem uly täsir edýär. Güýz paslyny örän köp wasp eden şahyrlarymyzyň biri hem Gurbannazar Ezizowdyr. Onuň tebigat baradaky eserleriniň içinde altyn güýz hakyndaky goşgulary aýratyn saýlanyp dur. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmenleri söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňleri beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.