logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÜÝZÜŇ WE ÝAZYŇ ŞAHYRY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Güýzüň we ýazyň şahyry” ady bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda milli edebiýatymyzda öçmejek yz galdyran şahyr G.Ezizowyň gyzy, «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň baş redaktory Ýazgül Ezizowa kakasy barada ýakymly ýatlamalaryny gürrüň berdi. Halypa kitaphanaçy O.Gulmuhammedowa öz çykyşynda ussat şahyryň ömri we döredijiligi, onuň körpe nesillere niýetlenen goşgularynyň ähmiýeti hakynda aýtdy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagtyýar talyplary ýurdumyzyň tanymal kompozitorlarynyň G.Ezizowyň sözlerine döreden «Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi», «Dostlaryma», «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok...» ýaly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Duşuşyga gatnaşanlar bu ýerde guralan şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylary, onuň zähmet we döredijilik ýoly barada gürrüň berýän döwürleýin neşirler, fotosuratlar giňden ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.

Aýdymdyr sazlara, täsirli gürrüňlere baý bolan döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli edebiýatymyzy ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmäge döredýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.