Türkmen halky elmydama kitaba gymmatlyk hökmünde seredipdirler.Kitaby gory egsilmeýän gymmatly saýýan halkymyzda kitap paýhas çeşmesi hasaplanýar. «Gahryman Arkadagymyz–Kitap köňülleriň nagşydyr,ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip adamlaryň ýüreklerine ýol salýar» diýip belleýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýunyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň ganatly galamyndan, jöwher paýhasyndan,ýiti zehininden dörän ýene bir täze eseriniň gollarymyza gowuşmagy göwünleri galkyndyran goşa şatlyga öwrüldi. Ajaýyp eseriň Türkmen BMG-sy netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi bölüminde şeýle bellenilýär: Biz dünýä bileleşigi bilen bilelikde örän möhüm şanly senäni Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny giňden belleýäris. Şu mynasybetli paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň ýokary derejede geçirilmegi döwletimiziň parahatsöýüjilik syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň ýene bir ýola äleme aýan edýär.
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrylmamgyna ýurdymyzyň syýasy ykdysady medeni ugurlarda gazanan üstünliklerine uly goşant goşan raýatlarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanmagy möhüm ähmiýete eýedir. Şanly ýylyň wakalarynyň ählisi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy we durnuklulygy goldamaga umumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna ygrarlylygyň güwäsi bolup, taryhyň gatlaryndan orun alýar» diýip belleýär. Şanly wakalaryň öňüsyrasynda Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan çuňňur syýasy taryhy durmuşy ykdysady ruhy medeni hem-de ynsanperwer ähmiýetli döwrebap pikirlenişe daýanýan giň dünýä garaýyşly pikirleri özünde jemleýär. Kitapda türkmen bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary taryhy ähmiýeti döwletimiziň bitaraplyk syýasaty halkara hukuk derejesiniň esaslary düýpli açylyp görkezilýär.Şeýle hem onda garaşsyz Türkmenistanyň daşary ykdysadyýetiniň syýasy gatnaşyklarynda eýeleýän işjeň orny ählumumy wezipeleri çözmek bilen bagly başlangyçlary giňişleýin seljerilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlary beýan edilýär.
Ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlerimiziň gazanylan üstünliklerimiziň jemi jemlenilýär.Şonuň bilen birlikde bu ajaýyp eser Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygyna 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgady boldy. Mazmuny bir kitapda türkmen ,iňlis, rus dillerinde jemlenen eser dokuz bölümden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň «Bitaraplyk türkmen paýhasynda» «Bitaraplygyň taryhy köklerine nazar aýlap» «Türkmenistan BMG-sy netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi» «Parahatçylyk we ynanyşmak döwrüň derwaýyslygy» «Bitaraplygyň ynsanperwer ölçegi» «Türkmenistanyň açyk gapylar syýasaty» «XXI asyr Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady strategiýasy» «Parahatçylyk türkmen swilizasiýasynyň binýady» atly bölümlerinde halkymyzyň paratsöýüjilik pelsepesiniň taryhy kökleriniň gadymyýetiň jümmüşine uzaýandygy açylyp görkezilýär.Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklanýandygy beýan edilýär. Şeýle ajaýyp many-mazmunly eserleri halkymyza serpaý berýän,halkymyzyň parahat, asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin döwlet galamy batly bolsun.
Gülälek Batyrowa
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy