logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GYMMATY EGSILMEJEK KITAPLAR

GYMMATY EGSILMEJEK KITAPLAR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi, Neşirýat–çaphana orta hünär mekdebi bilen bilelikde ýaşlary, talyplary kitap okamana höwes döretmek maksady bilen «Gymmaty egsilmejek kitaplar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi we göçme kitap sergisi gurnaldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler kitabyň gymmatly hazynadygyny, kitaphanalar bolsa bilim ojagy, paýhas öýidigini talyp ýaşlara gürrüň berdiler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdyr» diýen dürdäne sözlerinden hem ugur alyp sergide ýerleşdirilen kitaplary giňişleýin görkezip, tanyşdyrdylar.

Hormatly Prezidentimiziň täze Döwlet Maksatnamasyndan gelip çykýan netijeler, ýurdumyzyň milli kitaphana ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, okyjylara döwrebap hyzmat etmek, kitaphana işine innowasion ösüşleri ornaşdyrmak, merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamyny has hem kämilleşdirmek barada giňişleýin durup geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.