logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GYRGYZ RESPUBLIKASYNDA HALKARA SYÝAHATÇYLYK FORUMY GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 15-16-nji sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde Türk döwletleriniň Guramasynyň Halkara Syýahatçylyk forumy geçirildi. Forumda durnukly syýahatçylygy ösdürmäge, türk ýurtlarynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmäge we öňdebaryjy tejribe alyşmaga bagyşlandy.

Foruma döwlet edaralary, syýahatçylyk kärhanalary, halkara guramalary we Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Wengriýanyň 150-den gowrak wekili gatnaşdy.