Türkmenistanyň Bazar Amanow Adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 5-nji Çagalar sungat mekdebinde «Joşýar göwün» bagşylar toparynyň gatnaşmagynda «Gyş ertekisi» ady bilen aýdym sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Bu çärede çagalar hem öz gezeginde bagtyýar döwrüň waspyny aýdy-sazlarda, goşgy gazallarda, öz ýürek arzuwlaryny, joşgunlaryny ýetip gelýän täze ýyl baýramçylygy beýan edildi.
Duşuşygyň ahyrynda agzybir türkmen halkyny eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.