Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Gyz buýsanjy-gültahýa» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde we wagyz etmek asylly ýörelgä öwrülendigi hem-de milli gymmatlyklarymyzyň içinde iň gözel hem nepis sungaty bolan türkmen el keşdeden edilen el tahýalary gadymdan gelýän milli mirasymyz bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de el keşde tahýalarymyz asyrlardan-asyrlar aşyp, biziň şu günlerimize ene-mamalarymyzdan miras galan el-işleri nesilden-nesle geçirmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak her bir türkmen zenanlarynyň mukaddes borjy bolup durýandygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy, nepis el-işlerimizi sungat derejesine ýetirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.