logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gyz edebi – il edebi

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Arkadag” teleýaýlymynyň “Köňülleriň çyragy” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Gyz edebi – il edebi” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirdi.

Kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagyndaky çykyşynda “Häzirki ýaşlar sanly ulgamdan giňden peýdalanýarlar, emma her bir täzelik milli häsiýetimizden, türkmençilik däplerimizden üzňe bolmaly däldir.” diýip bellän ajaýyp sözlerinden ugur alyp her bir halky öz milli gymmatlyklary bilen özboluşlydygy barada giňişleýin gürrüňler etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda häzirki ajaýyp döwrümizde medeni mirasyny, milligini aýap saklamakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.