Mary welaýat kitaphanasynda mekdep okuwçy gyzlaryň gatnaşmagynda goşmaça hünär öwretmek maksady bilen «Gyz edebi sandykda» atly kitaphana gurnagy geçirildi.
Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi ugrunda döredilýän döwrebap şertlerden peýdalanýan okyjy gyzlar keşde etmek, nakgaşçylyk, gobilen ýaly sungatyň dürli ugurlary boýunça hünärlerini artdyrýarlar. Her hepdäniň çarşenbe güni geçirilýän bu gurnak ýaş gyzlara ene-mamalarymyzyň el işleri bilen bagly sungatlaryny özleşdirmäge täze maglumatlar we bu sungatyň dürli usullary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi medeni we aň-bilim ojagy bolan kitaphanada usuly guramaçylyk işleriniň milli we döwrebap, köptaraply we oňyn ähmiýetlidigini görkezýär.
Ýaşlara öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.