logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GYZ-GELINLERIŇ TERBIÝESI

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Gyz-gelinleriň terbiýesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler türkmeniň maşgala mukaddeslikleri, enäniň öz perzendine bolan çäksiz söýgüsi, gyz-gelinleriň dünýäsi onuň gözelligi barada aýdylyp geçildi. Gyz-gelin edebi, milli däp-dessurlarymyz, türkmeniň keşdeçilik sungaty, onuň gadymylygy dogrusynda gyzykly gürrüňler çäräniň täsirliligini has hem artdyrdy.

Wagyz nesihat çäresinde çykyş edenler şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!