logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gyzykly geçen bäsleşik

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşdy. Kitaphana degişli pawilionda çagalar üçin niýetlenilen gyzykly ertekili kitaplar çärä gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Şeýle hem, körpe kitap söýüjileriň arasynda kitaphana hünärmenleri tarapyndan bäsleşik geçirildi. «In köp kitap okaýan çaga», «Minutda köp söz okamak», «Erteki gahrymanlaryny tanamak» ugurlary boýunça geçirilen bäsleşikde ýokary netijeleri görkezen çagalara Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan kitap we Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan mekdep torbalary sowgat berildi.

Çagalarda kitap okamaga höwes döretmek, kitap bilen dostlaşmak we kitabyň adamzat durmuşynda tutýan möhüm orny barada giňişleýin düşünje bermek maksady bilen geçirilen bäsleşik gyzykly hem täsirli boldy.