logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«HAKYDA GÖWHERI» ATLY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ GYMMATLY ESERI BARADA SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanaow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ýaşlaryň terbiýeçilik işinde möhüm ornuny wagyz etmek maksady bilen duşuşyk geçirdi. Gymmatly kitabyň mazmuny iki baba bölünýär. «Taryha syýahat» atly birinji babynda türkmeniň gahrymançylyga ýugrulan baý taryhy barada gürrüň gozgalýar. «Ruhy miras» atly ikinji baby türkmen halkynyň türkmeniň ruhy-medeni mirasy barada çuň düşünje berýär. Kitabyň çuň many-mazmunlylygy, dürli pikirlere we garaýyşlara baý bolmagy okyjylaryň giň köpçüligini özüne çekýär. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmeni ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimiziň geçmiş mirasyny öwrenmeklikde ygtybarly çeşmeleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.