Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri we Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri «Hakyda Göwheri–milli mirasyň buýsanjy» atly kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz «Hakyda Göwheri–milli mirasyň buýsanjy» atly bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinde uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri hakynda taryhy maglumatlar arkaly, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilen.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläkde galamynyň ýiti bolmagyny, döredijilik äleminde gadamynyň dowamat-dowam bolmagyny täze kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.