logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HAKYDA GÖWHERI–NESILLERE NUSGALYK ÝÖRELGE

HAKYDA GÖWHERI–NESILLERE NUSGALYK ÝÖRELGE

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby esasynda «Hakyda göwheri–nesillere nusgalyk ýörelge» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasyna öwrülendigi we ýaş nesillere ylham çeşmesi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýäniň ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri, taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň şöhratly taryhyny sarpalaýan, ýurdumyzyň geljegini ösüşli menzillere sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.