logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HAKYDA-HALKYŇ RUHY BITEWÜLIGI

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRÄ GATNAŞDY

6-njy oktýabrda Hatyra gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar.

Öten-geçenleri ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan gahrymanlarynyň ruhlarynyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär.

...Ir bilen ildeşlerimiz Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy toplumyň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Döwlet Baştutanymyz haly düşelen ýodadan ýöräp, bellenen ýere barýar.

Hatyra çäresiniň başlanandygyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra tebigy betbagtçylykda pida bolanlar hem-de Watanyň azatlygy ugrunda şirin janyny orta goýan gahrymanlar baradaky halk hasratynyň özboluşly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy ýaňlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi baradaky hasratly ýatlamalar halk hakydasynda baky ýaşaýar. Bu tebigy betbagtçylyk sähel pursatda gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini düýbünden weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym, tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Aşgabat ýertitremesinde diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.


«Türkmenistan» gazeti