Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, abadançylygyň, parahatçylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyz, merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen, ähli ugurlarda üstünliklere beslenýär. Adamzat nesliniň bagtyýar, parahat durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, mähriban Watanymyzyň ösüşlere beslenmegi üçin söweşen edermen ýigitlerimiziň söweş meýdanlarynda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna, nusgalyk edermenligine biz bu gün çäksiz hormat goýýarys. 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmen ýigitleri doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, Ýer ýüzünde ynsanyň asuda asmanda, parahat durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna Watan goragyna gitdiler hem-de gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Biziň pederlerimiziň geçen gahrymançylykly ýoly watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň hem-de mukaddes Watana gulluk etmegiň mekdebidir.
1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Hakyda ýazylan ýatlamalar» atly sergi gurnaldy. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Dabaranyň dowamynda Hormatly il ýaşulusy Orazguly Karataýew şol gazaply uruş ýyllarynda tylda halkymyzyň çeken ýadawsyz zähmeti, türkmen ýigitleriniň watansöýüjiligi, gaýduwsyzlygy, görkezen gahrymançylygy barada täsirli gürrüňleri berdi. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow çykyşynda suratkeşleriň döredijiliginde batyr, edermen Watan ogullarynyň çeper keşbiniň beýan edilişi barada gürrüň berse, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýewiň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly leýtenanty Aýhan Durdykylyjowyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy, kapitan Myrat Sapargulyýewiň taryhda halkymyzyň dartgynly meseleleri parahatçylykly çözmegiň ýollaryny tapandygy baradaky beren gürrüňleri örän täsirli boldy.