logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALK BAGTYÝAR – DÖWLET BERKARAR

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Döwlet we halk agzybirligi: Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň il sylagly ýaşululary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hünärmenler we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşyp, döwlet we halk agzybirliginiň ýurduň ösüşine berýän goşantlary barada öz garaýyşlaryny paýlaşdylar.

Maslahatyň esasy maksady ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Halk Maslahatynyň tutýan orny we döwlet bilen halkyň agzybirliginiň ähmiýetini wagyz etmäge gönükdirildi. Onda täsirli çykyşlar guralyp, Halk Maslahatynyň kararlarynyň halkyň isleg-arzuwlaryna we millilige esaslanýandygy, döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde jemgyýetiň agzybirliginiň uly ähmiýetiniň bargydy bellenip geçildi. Muzeýde geçirilen bu maslahatda Türkmenistanyň döwletlilik däpleriniň baý taryhy we täze gurlan «akylly» Arkadag şäheriniň ähmiýeti barada çykyşlar edildi.

Döwlet bilen halkyň agzybirligi, özara ynamy we agzybirlikde işlemegi milli ösüşiň, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň düýp binýadydyr. Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Halk Maslahaty adalatlylygy, halk häkimiýetliligini we milli demokratik ýörelgeleri dabaralandyrýan iň ýokary wekilçilikli guramadyr. Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelen maslahatlaşmak, geňeşmek we bilelikde çözgüt kabul etmek ýaly köne we asylly ýörelgelerini häzirki zaman döwlet gurluşy bilen sazlaşdyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we dürli käriň eýelerinden bolan wekiller bu mejlislere gatnaşyp, döwlet we jemgyýet üçin möhüm meseleleri açyk we demokratik esasynda maslahatlaşýarlar.

Raýatlaryň döwlet dolandyryşyna gönüden-göni gatnaşmagyna mümkinçilik döredilip, halkyň isleg-arzuwlary milli maksatnamalara girizilýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sungat we beýleki ugurlary ösdürmek, sanly ulgamy girizmek we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wajyp çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatyny goldamak we milli bähbitleri dünýä derejesinde goramak boýunça netijeli kararlar berilýär.

Halk Maslahaty ýaş nesli watançylyk, arassa ahlaklylyk we ylym-bilim ruhunda terbiýelemek meselelerine hem aýratyn üns berýär. Ýaşlaryň döwlet syýasatyndaky we jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny artdyrmak, olaryň döredijilik we ylmy ukyp-başarnyklaryny goldamak meselesine hem Maslahatda uly orun berilýär. Halk Maslahaty — Türkmenistanda agzybirligiň, köpýyllyk adalatly maslahatlaşmak däpleriniň we häzirki zaman ösüşiniň sazlaşykly birleşmesidir. Ol döwlet bilen halkyň arasyndaky berk köpri bolup, ýurdumyzyň durnukly gülleýşine hem-de halkymyzyň bagtyýar geljegine hyzmat edýär.

Maslahata gatnaşan myhmanlar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynda saklanýan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinden şeýle hem sowgatlyklardan gurnalan sergini synladylar. Sergi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny şöhlelendirdi.

Baýmyrat Baýmyradow,
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.