logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Halk bähbitli netijeli işler

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde “Halk bähbitli netijeli işler” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen bu çärede çykyş edenler ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri gazanylan üstünlikler, ýetilen beýik sepgitler barada gürrüň etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly kitabynyň “Budur türkmen binasy” diýen bölüminde beýan edilýän buýsandyryjy sözlerini öz içinde jemleýän wakalar dogrusynda döredijilik duşuşygynda çykyş eden hünärmenler söhbet edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.