logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALK HEM KALP ŞAHYRY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Kerim Gurbannepesowyň ömri we döredijiligine bagyşlap “Halk hem kalp şahyry” ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlige mugallymlar we kitaphana işgärleri gatnaşyp, ajaýyp zamanamyzda gymmatlyklarymyza, olary dünýä ýaýan ussatlarymyzyň bitiren işlerine mynasyp baha berilýändigini belläp, türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ösmeginde uly tagallalar eden halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Kerim Gurbannepesow hakynda täsirli söhbet etdiler. Kerim Gurbannepesow – türkmen şygryýetinde ömürbaky yz goýan şahyr. Onuň edebi mirasy bilen tanşanyňda, şahyryň diňe şahyrana döredijilik bilen meşgullanman, şygryýet meýdanyna gadam basmaga höwesjeň ýaşlary goldap, öz maslahatlaryny gaýgyrmandygyny göz ýetirýärsiň diýip, giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.