logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALK KÖŇLÜNIŇ ŞAHYRLARY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaş okyjylarynyň arasynda “Halk köňlüniň şahyrlary” atly türkmen nusgawy şahyrlary Gurbandurdy Zeliliniň Mämmetweli Keminäniň, Seýitnazar Seýdiniň eserlerini ýaş nesilleriň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen edebiýat agşamyny geçirdi. Türkmeniň nusgawy şahyry Gurbandurdy Zeliliniň watançylyk ruhuna eýlenen goşgulary, söýgi hakda, öwüt-nesihat äheňinde ýazan eserleri barada gürrüňler edildi. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri Mämmetweli Keminäniň ömri we döredijilik ýoly hakynda hem gürrüňler diňlenildi. Onuň döreden şorta sözleri hem olarda beýan edilýän wakalar barada hem aýdyldy. XIX asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ýene biri Seýitnazar Seýidiniň watançylyk duýgularyna ýugrulan ajaýyp goşgularynda ata Watanymyzyň keşbini inçelik, ussatlyk bilen çekmegi başaran şahyrana döredijilik ýoly hakynda hem täsirli söhbetler edildi. Kitaphanamyzyň baý kitap hazynasyndan guralan göçme kitap sergimiziň ähmiýeti barada hem aýdyldy.

Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watany söýmegiň, ony goramagyň beýik nusgasyny öz goşgularyna siňdirip, hakyky watansöýüjiligiň beýik mekdebini öz eserleriniň üsti bilen nesihat eden görnükli şahyrlarymyzyň döredijilik ýoly bilen ýaş nesilleriň öwrenmekleri üçin giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.