Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden we dabaraly bellenilen günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVIII tomunyň halkymyza gowuşmagy ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХVIII tomy boýunça söhbetdeşlik geçirildi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň juda baý ösümlik dünýäsi, ajaýyp tebigaty bar. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, söhbetleriniň başynda şular hakynda nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVIII tomunyň many-mazmuny hakynda söhbet etdiler. Türkmen topragynda bitýän köp dürli ösümlikleriň her biriniň dermanlyk häsiýetleri bar. Bular hakynda Alym hem Lukman Arkadagymyz ensiklopedik kitabynyň her tomunda aýratynlykda düýpli nygtap geçýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda “Halkyň saglygy-döwletiň baş baýlygy” atly kitap sergisi hem gurnaldy.