Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Halk Maslahaty – asylly ýörelgeleriň rowaçlygy» atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar astynda geçýän 2026-njy ýylyň taryhy wakalara beslenýändigini, şol wakalaryň, gazanylýan uly zähmet üstünlikleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy giňden bellenilýän şanly ýylymyzy şöhratlandyrýandygyny bellediler. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem il-ýurt bähbitli Kararlardyr çözgütler kabul edilýär-diýip, giňişleýin gürrüň berdiler.