logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Halk Maslahaty döredijiligiň we jebisligiň aýdyň ýoly

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty döredijiligiň we jebisligiň aýdyň ýoly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda Halk Maslahatynyň geçirilmegi Watanymyzyň döwlet we syýasy binýadyny berkitmekde, jemgyýetçilik, syýasy kanunçylyk, hukuk ulgamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent sepgitlerine ýetmekde mynasyp orun eýeleýändigi, türkmen halky döwletli iş tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşmak, köpçülige sala salmak ýaly asylly ýörelgelere eýerýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem halkymyzyň bähbidine kabul ediljek kararlardyr, çözgütler zähmetsöýer halkymyzy täze belent maksatlara ruhlandyrandygy hakynda buýsançly söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.