logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALK MASLAHATY DÖWLETLILIGIŇ BELENT NUSGASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty döwletliligiň belent nusgasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşiň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy ugry halkyň bähbidine gönükdirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halk häkimýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde halkymyzyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesine esaslanylyp, ata-babalarymyzdan gelýän asylly hem-de milli ýörelgelere eýerilýändigini hem-de geçiriljek Halk Maslahatyna uly taýýarlyk görülýändigi barada beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.