logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Halk Maslahaty – döwletliligiň hem agzybirligiň binýady

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Halk Maslahaty – döwletliligiň hem agzybirligiň binýady» ady bilen Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan döwletimizde jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkitmek, ýurdumyzda milli demokratiýany ösdürmek, ilatyň durmuş goragyny üpjün etmekden ybaratdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi diňe bir geçilen ýol bolman, eýsem, geljege bolan uly ynamyň nyşany bolup, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüni ýene-de bir gezek dünýä äşgär edýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.