Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Halk maslahaty - döwletliligiň nusgasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz Watanymyzyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenýändigi, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň beýik geçmişini, bagtyýar şu gününiň we röwşen geljeginiň bütewilik mekdebi höküminde berkarar döwletimiziň, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň gülläp ösüşlerine gönükdirilen nusgalyk ýörelgelere daýanýandygy hakynda gürrüň edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.