logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Halk maslahaty-döwletlilik ýörelgesi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Halk maslahaty-döwletlilik ýörelgesi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini dabaralandyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahaty - halk demokratiýasynyň dabaralanmasy bolup, onda ýurdumyzyň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan dürli meseleleriň oňyn işleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli işleriň halkyň bähbidine gönükdirilýändigini buýsançly bellediler.

Çäräniň ahyrynda ata Watanmyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.