logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALK MASLAHATY – GARAŞSYZLYGYMYZYŇ BINÝADY

Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýazgy jaýynda «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» diýip yglan edilmegi hem-de Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlanan «Saba turup, Watan, seni çaglar men» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň ösüş ýolunda taryhy, syýasy we jemgyýetçilik taýdan aýratyn ähmiýete eýe bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt ähmiýetli işlerinde kabul edilýän çözgütler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge, milli döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendigi, şeýle hem, Halk Maslahaty öz many-mazmuny boýunça halkyň sesiniň beýgelýän münberi, syýasy durmuşymyzyň demokratiýalaşmagynyň nyşany we agzybirligimiziň berk binýatdygyny belläp geçdiler.

Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler yzygider geçirilip Bitaraplyk syýasaty, Türkmenistanyň ähli döwletler bilen deňhukukly, özara hormat goýmak we içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyna mümkinçilik berýär. Bu ýörelgeler, halkara gatnaşyklarynda durnuklylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam etmegi hakynda talyp ýaşlar öz çykyşlarynda aýdyp geçdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatçylyk mukamy bolup ýaňlanýandygyny, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralandyrylýandygy barada, şeýle-de şanly Garaşsyzlyk ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji, Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmesi, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydygy barada belläp geçdiler.

Şeýle-de, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda «Saba turup, Watan, seni çaglar men» diýen goşgusynda Watanyna, dogduk mekanyna bolan çuňňur söýgüsini, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrýan çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Hut şu ýörelgeler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirip, türkmen diplomatiýasynyň dowamatlylygynyň çeşmesi bolup dowam etdirilýär diýip söhbetdeşligiň dowamynda agzalyp geçildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda talyp ýaşlar ýurdumyzda döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Laçyn JÜMMIÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ylym bölüminiň başlygy