Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Halk Maslahaty – halkymyzyň döwletlilik ýoly» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesi esasynda, milli demokratik ýörelgeleriň giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirligini, jemgyýetimiziň jebisligini alamatlandyryp, her bir raýatyň hukuklaryna aýratyn hormat goýmak bilen, jemgyýetimizde halkymyzyň tekliplerini diňläp, öňde goýlan belent maksatlara ýetmek ugrunda birnäçe işleriň amala aşyrylýandygy barada çykyş etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyz Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.