Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty–röwşen geljegimiziň şamçyragy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetiň we döwletiň ösüşine, mähriban halkymyzyň aýdyň geljegine we her bir raýatyň ajaýyp durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ornunyň bardygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistan döwletimiz günsaýyn özgerýändigini, halkymyz Garaşsyz döwlet barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň hasyl bolanyna ýene sanlyja günlerden 35 ýyl dolýandygyny, bu bolsa Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralaryň giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda şu günki bagtyýar durmuşymyzyň, nurana geljegimiziň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.