logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALK MASLAHATY–JEBISLIGIŇ, AGZYBIRLIGIŇ WE ADALATLYLYGYŇ NYŞANYDYR

Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzalyp gidýän taryhynda döwletlilik ýörelgeleri, jemgyýetçilik geňeşleri, maslahatlar aýratyn orun eýeleýär. Ata-babalarymyz il-ýurt ähmiýetli meseleleri çözmekde «Geňeş–akyllylygyň gözbaşy» diýen sözlere eýerip, halk bilen giňişleýin maslahatlaşmak ýörelgesine uly ähmiýet berýär. Şol baý tejribe häzirki döwürde-de üstünlikli dowam etdirilip, döwletimiziň iň ýokary geňeş organlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň hem 19-njy sentýabrynda geçirljek Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti onuň türkmen döwletiniň ösüş ýolunda möhüm özgertmeleriň başlangyjyna öwrülmeginde görünýär. Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy durmuşyny täze derejelere göterýär. Şeýle-de ykdysady ösüşi çaltlandyrmak, halkara gatnaşyklary giňeltmek, durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak ýaly, möhüm çözgütler hem hut şu ýokary geňeşiň işlerinde kabul edilýär.

Halk Maslahatynyň işine ýaşlaryň gatnaşmagy aýratyn orna eýedir. Olar ýurdumyzy ösdürmek baradaky pikirleri bilen çykyş edýärler, täze nesliň döwlet işlerine bolan garaýyşlaryny beýan edýärler. Bu bolsa ýaşlaryň syýasy medeniýetiniň ösdürilmegine, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagyna uly mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, Halk Maslahaty ýaşlaryň watançylyk terbiýesiniň hem-de döredijilik basgançaklarynyň berkidilýän mekdebine öwrüler.

Umuman, Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň ösüş ýolunda taryhy, syýasy we jemgyýetçilik taýdan aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt ähmiýetli işlerinde kabul edilýän çözgütler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge, milli döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Halk Maslahaty öz many-mazmuny boýunça halkyň sesiniň beýgelýän münberi, syýasy durmuşymyzyň demokratiýalaşmagynyň nyşany we agzybirligimiziň berk binýadydyr.

Güljemal TAÝLYÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby