logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALK MASLAHATY–TÜRKMENISTANDA HALK HÄKIMÝETINIŇ YGTYBARLY SÜTÜNI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty–Türkmenistanda halk häkimýetiniň ygtybarly sütüni» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetiň we döwletiň ösüşine, mähriban halkymyzyň aýdyň geljegine we her bir raýatyň ajaýyp durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ornunyň bardygyny gürrüň berdiler. Şeýle-de hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz günsaýyn özgerýändigini, halkymyz Garaşsyz döwlet barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň hasyl bolanyna ýene sanlyja günlerden 34 ýyl dolýandygyny, bu bolsa Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda şu günki bagtyýar durmuşymyzyň, nurana geljegimiziň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.