logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«HALK SAZ GURALLARY» KAFEDRASYNYŇ ÝAŞ MUGALLYMY RAHYMBERDI HOJAGELDIÝEWIŇ TALYPLARYNYŇ KONSERTI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde edýän atalyk aladalary çäksizdir.

Ýakynda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň ýaş mugallymy Rahymberdi Hojageldiýewiň talyplarynyň konserti geçirildi.

Konsertiň başynda Çarlz Manýanteniň “Wenesiýa karnawaly” eserini V ýyl talyby Aşyr Sadulaýew ýerine ýetirdi we tomaşaçylaryň elçarpyşmalaryna mynasyp boldy. Soňra II ýyl talyby Amangeldi Baýramgeldiýew meşhur daşary ýurt kompozitory Astor Piazzollanyň “Libertango” eseri bilen çykyş etdi. Onuň yzysüre II ýyl talyby Didar Jumadurdyýew kompozitor Konstantin Mýaskowyň dost-doganlyk sazy bolan “Özbek tansy” eserini örän täsirli ýerine ýetirdi.

Ussat kompozitor Waleriý Kowtunuň “Fantaziýa” uly göwrümli eserini hem-de “Kubinskiý karnawal” eserleri bilen IV ýyl talyby Jangeldi Hümmedow çykyş etdi. Bu çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly ýatlamalar galdyrdy.

Meşhur türkmen kompozitory Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Tokkata” eserini V ýyl talyby Rüstem Haýytow ýerine ýetirdi. Bu çykyş tomaşaçylar üçin täsirli çykyş boldy we gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy.

Konserti II ýyl talyby Ylham Şerdalyýew ussat daşary ýurt kompozitorlary Wiktor Wlasowyň “Bossa-nowa”, Astor Piazzollanyň we Wladimir Zykiniň belli eseri “Libertango” eserleri bilen jemledi. Bu eserler tomaşaçylarda örän täsirli ýatlamalary galdyrdy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Halk saz gurallary” kafedrasynyň ýaş mugallymy Rahymberdi Hojageldiýewiň talyplarynyň konserti örän gyzykly we täsirli geçirildi. Konsert tamamlanandan soňra konsertde çykyş eden talyplar we tomaşaçylar ýadygärlik surata düşdiler.

Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlaryň kämil derejede ylymly-bilimli bolmagy, öz zehinimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin edýän atalyk aladalary üçin sagbolsunymyzy aýdýarys.


Osman Sapargeldiýew

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk sazy” fakultetiniň V ýyl talyby