Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda Halkara diplomatik güni bellenilip geçilýär. Şol mynasybetli şu gün Balkan welaýat kitaphanasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly baş şygarymyz» atly duşuşyk talyp ýaşlar bilen geçirildi.
Halk diplomatiýasy taryhyň ilkinji döwürlerinden başlap halklaryň arasyndaky taryhy, medeni umumylykly gatnaşyklarda bolupdyr. Bu günki günde Bitarap döwletimizde diplomatiýa has-da giň gerime eýe bolýar. Daşary döwletler bilen diplomatik gatnaşyklaryň netijesinde halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatik hünär boýunça talyplar bilim alýarlar, olar ýurdumyzda diplomatiýanyň ösmeginde öz goşantlaryny goşýarlar.
Talyp ýaşlar kitaphananyň sergilerine syn etdiler,özlerini gyzyklandyrýan kitaphana, kitap hakynda özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip kitaphanaçylar bilen sorag-jogap alyşdylar. Bizi ajaýyp durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ,ömürleri uzak bolsun.