Ýurduň şu günki ýeten sepgitlerini hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak özgerişleriň özeninde hemişelik Bitaraplygymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren çäksiz mümkinçilikleri jemlenendir. Bitarap döwletimiz dünýäde agzybirlik, dostanalyk gatnaşyklarynyň ýokary derejede sarpalanýan ojagydyr.
Noýabr aýynyň ilkinji günlerinde diýarymyzda “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, Halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Dünýäň Owazlary” atly baýramçylyk konserti geçirildi. Aşgabat şäherindäki türkmen milli medeniýet ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen konserte Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew we Döwlet horunyň (çeper ýolbaşçysy Haýdar Eminow, dirižýory Perman Miriýew) gatnaşmagynda Bitaraplygymyzyň ilkinji günlerinde ýerine ýetiren Baýramdurdy Hudaýnazarowyň «Gülle, Bitarap Türkmenistan!» aýdymy bilen konsert başlandy.
Soňra dabaraly konsertiň dowamynda ýurdumyzda meşhur bolan şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynyň estrada we halklarynyň aýdymlary ýaňlandy. Türkmen we dünýä belli kinofilmerinden, multifilmlerden aýdylan aýdymlar konsertiň şowhununy hasda artdyrdy. Şeýle-de birnäçe aýdymly-tans kompozisiýalar görkezildi. Konsertiň üýtgeşik aýratynlyklarynyň biri–onda ýurdumyzyň belli artistleri bilen bir hatarda çagalar döredijilik toparlary hem üstünlikli çykyş etdiler.
Konsertiň ähli çykyşlary örän gyzykly bolup diňleýjiler aýdymçylar bilen birlikde ähli aýdymlara goşluşup aýtdylar. Türkmenistanyň halk artistleri Gülnar Nuryýewanyň we Myrat Baýramgeldiýewiň “Arşin mal alan” kinofilminden aýdyşygy ýerine ýetirdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy, kompozitor Kerim Jumagulyýewiň çeper ýolbaşçylygynda “Joşgun” atly a’kapella çagalar hor toparynyň ýerine ýetirmeginde iňlis “Baby Şark” aýdymy tomaşyçylaryň aýratyn ünsüni özüne çekdi. Türkmenistanyň Döwlet hory dürli dillerde ýaňlanan aýdymlar we orkestriň ýerine ýetirmegindäki şowhunly sazlar, “Meňli” tans toparynyň hem-de Nebitgaz toplumynyň “Ruhubelent” çagalar tans toparynyň tanslary tomaşaçylarda has-da täsir galdyrdy. Her güni toýdyr-dabaralara, ýatdan çykmajak wakalara beslenýän Diýarymyzyň şu günki konsertinde hem Aşgabat şäherindäki 4-nji sungat mekdebiniň çagalar hor toparynyn (çeper ýolbaşçy Gülälek Baýrammyradowa) ýerine ýetirmeginde “Waka Waka” (This time for Afrika) ýaňlanan aýdym tomaşaçylaryň ýüzünde şatlyk duýgusyny has-da artdyrdy. Konsertiň dowamynda ýurdumyzda başga-da birnäçe tanymal sungat işgärleri gatnaşdylar: Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa “Aşyr agaň hötjeklegi” kinofilminden “Owadan gözler”, “Türkmenistanyň Altyn asyry” Döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi Döwran Şammyýew Türkmenistanyň döwlet hory bilen bilelikde “Stand up” aýdymy, Döwlet horunyň Oglanlar kwarteti Ş.Bäşimowyň “Şirmaýy darak”, gruzin aýdymy “Gandagana” ýerine ýetirdiler. Konsert Türkmenistanyň döwlet hory we ähli konserte gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly aýdymy bilen jemlendi.
Baýramlaryň seresi, bagtymyzyň çyragy, göwnümiziň küýsegi Halkara Bitaraplyk baýramydyr. Türkmen halky dine bir öz içinde däl, eýsem dünýä döwletleri bilen bir supranyň daşynda jemlendi. Eziz Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerimiziň ruhlandyryjysy hem-de ýol görkezijisi bolan Gahryman Milli Liderimize, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanç duýgularymyz dilimiziň senasyna, köňlümiziň owazyna öwrülýär. Belent maksatly menziller bilen ýurdumyzy täze rowaçlyklara tarap öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri rowaçly menzillerde diňe öňe rowan bolsun!
Ogulsuraý Jumagulyýewa
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeni miras» fakultetiniň 1-nji ýyl talyby