logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALKARA DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY HEM-DE «ÝAŞLYK» TELEÝAÝLYMY BILEN BILELIKDE «YLYM-GYMMATLY BAÝLYK» ADY BILEN SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ylym-gymmatly baýlyk» ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ylym-bilim jemgyýetiň ösüşiniň esasy sütünleridir, ylym we bilim her bir adamyň, milletiň hem-de bütin adamzadyň durmuşynda möhüm gymmatlyklaryň biridir diýip belläp geçdiler.Ata-babalarymyzyň ýaş nesle bilim we terbiýe bermek ýörelgeleri gadymdan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde baha berýär diýip, söhbetdeşlikde çykyş edenler nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.