logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALKARA FESTIWAL GEÇIRILER

HALKARA FESTIWAL GEÇIRILER

Şu ýylyň 17-31-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde nusgawy saz sungatynyň «Hazar möwsümleri» atly halkara festiwaly geçiriler. Onuň çäginde Astrahan Kremlinde açyk asmanda opera çykyşy görkeziler, festiwal çärelerine dünýä sahnasynyň ýyldyzlary gatnaşar. Mundan başga-da, festiwalyň çäginde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň sazandalaryny öz içine alýan Hazar döwletleriniň simfoniki orkestri çykyş eder.