logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALKARA FORUMYŇ ÇÄKLERINDE TAÝÝARLYK IŞLERI

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçinji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda ýurdumyzda görülýän taýýarlyk işleri ýokary derejede guramaçylykly alnyp barylýar. Ýurdumyzda geçiriljek uly göwrümli forumyň çäklerinde gurnaljak medeni-köpçülik çäreleri, maslahatlar, howa menzilinde daşary ýurtlardan gelen myhmanlary türkmeniň milli ýörelgelerine, myhmansöýerlik dessurlaryna laýyk derejede garşy almak, hemme taraplaýyn ýokary derejede guramaçylyk işlerini alyp barmak hakynda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren iş maslahatynda nygtaldy.

Halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde dürli medeni çäreleriň, aýratynda, konsertleriň şowhunly geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. LED ekranlar, köpöwüşginli interaktiw suw çüwdürimleri medeni çäreleriň guralýan pursatlarynda bir bitewi sazlaşygy emele getirip, olaryň şowhunyny hasda artdyrar. “Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer”diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.Parahatçylyga, dost doganlyga söýgi döretmekde medeniýete we sungata aýratyn orun degişlidir. Sungatyň güýji ynsan kalbynda hoşniýetli arzuwlary kemala getirýär, adamlary biri birine ýakynlaşdyrýar,dostlaşdyrýar.