logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ PARAHATÇYLYKLY ÝOL BILEN ÖSDÜRILMEGI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Döwlet ygtyýarlandyryş we hile gözegçilik merkezi, Döwlet kitaphanasy hem-de “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen,ynanyşmak parahatçylygyň kepili taglymatyndan ugur alyp, “Halkara gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegi” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşlere beslenip,parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz dünýä ýaýylýar.Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň belentligini nazarlaýan ýurdumyz toý-baýramlara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyz ýurdumyzyň ösüşlerine, rowaçlyklaryna buýsanýar.Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan ösüşler,belent üstünlikler bagtdan paýly ,päk zähmetden serpaýly ildeşlerimiziň kalbynda ýokary ruhubelentlik döredýär diýip nygtadylar. Çykyş edenler bular hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.