logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALKARA NOWRUZ GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN SERGI

HALKARA NOWRUZ GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN SERGI

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmeniň milli medeniýetine, ruhy mirasyna, beýik taryhyna aýratyn uly üns berilýär.

Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni mynasybetli Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri Tagtabazar etrabynyň Pendi ýaýlasynda geçirilen Nowruz baýramyna gatnaşyp, türkmen ak öýüniň milligini, Nowruz baýramynyň aýratyn milli däp-dessurlaryna degişli sergileri gurnadylar. Häzirki wagtda «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda türkmen halkymyzyň Milli bahar baýramy–Halkara Nowruz güni ýokary ruhybelentlik bilen giňden bellenilýär.

Nowruz baýramy Türkmenistanda we türki dilli halklaryň ýaşaýan beýleki ýurtlarynda iň söýgüli hem-de hormatlanylýan baýramçylyklaryň biridir. Ol 21-nji martda bellenip geçilýär we baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny we tebigy senenama laýyklykda, täze ýylyň başlanmagyny aňladýar. Nowruz baýramynyň gelip çykyşynyň takyk senesi belli däl. Köp hekaýalar, rowaýatlar, ynançlar we däp-dessurlar bilen baglanşykly milli tagamlar müňýyllyklaryň dowamynda saçaklary bezäp gelýär. Bugdaýdan taýýarlanan semeni Nowruz baýramynyň däp bolan tagamydyr.

Gadymy döwürlerden şu güne çenli, Türkmenistanda Nowruz baýramynda giň gerimli köpçülikleýin dabaralar–baýramçylyk çäreleri guralýar. Bu baýram baharyň gelmegi we ekin işleriniň başlangyjy, gije-gündiziň deňleşýän nokadyna geçmegi, gyşyň ornuna ýaz, sowuklugyň ýerine ýylylyk gelmegini aňladýar.

Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmäge hem goşant goşýar. Goý, Nowruz baýramynda ýerine ýetirilýän joşgunly aýdym-sazlar agzybirligiň hem dost-doganlygyň owazyna öwrülip, hemişe belentden ýaňlansyn!