logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 74-nji orta mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi bilen bilelikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu wagyz-nesihat çäresinde parahatçylyk taglymatynyň ýer ýüzüne edýän ajaýyp täsirleri barada hem-de kitaphanamyzda ýylymyzyň ady bilen baglanyşykly alynyp barylan işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Döwlet kitaphanasy, onuň bölümleri, bölümleriniň işleri bilen içgin tanyşmaga, ýagny özlerine gerekli bolan edebiýatlary saýlap almaklaryna ýardam edýär diýip, söhbetdeşlikde giňişleýin gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.