Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň şeýle hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli syýasy gepleşigi geçirildi.
2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň esasy hünärmeni Dünýägözel Baýmyradowa alyp bardy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň uly ylmy işgäri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Güljeren Guljaýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň 2-nji ýyl diňleýjisi Pürli Rasulow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy Rüstem Mämmedow dagylar çykyş etdiler.