Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasady, aýdyň maksatly beýik başlangyçlary boýunça ýurdumyzda her ýyla döwrebap we mynasyp şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagyna ýürekden buýsanýarys. Bu şygar döwletimiziň we jemgyýetimiziň agzybirlik, parahatçylyk hem-de ynanyşmak arkaly belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny şöhlelendirýär. Parahatlygyň mekany bolan Türkmenistan dostlugyň, ösüşiň berkarar bolmagy ugrynda tagallalary birleşdirýän ýurt hökmünde tanalýar.
Ýurdumyz sebit we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty ýola goýup, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bilen halkara giňişligine mynasyp orun eýeleýänligi barasynda täsirli söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkynyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.