logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY–ROWAÇLY MENZILLERE BADALGA

HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY–ROWAÇLY MENZILLERE BADALGA

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleri wasp etmek maksady bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly–rowaçly menzillere badalga» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Röwşen geljege rowaçly gadamlar bilen barýan eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan ösüşleri «Halkara parahatçylygyň we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji günlerini guwandyryjy şatlyga besläp, göwünleri galkyndyrýar, buýsançly kalbymyzy joşa getirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky yzygiderli tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri bu gün ähli halkymyz we umumadamzat üçin diýseň bähbitlidir we buýsandyryjydyr.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy ýer ýüzünde belent abraý-mertebä eýe edip, alnymyzda pederlerimiziň arzuwlan ak daňyny ataran, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.