Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak –beýik ýeňişlere badalga” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp, asuda, parahat zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir türkmen raýaty üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda asudalygy, parahatçylygy, daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen aýtdylar. Söhbetdeşlige gatnaşan ýaşajyk kitap söýüjiler dünýä dillerinde parahatçylygy, asudalygy, dost-doganlygy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de sungaty söýüji ýaşlar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak–beýik ýeňişlere badalga” atly şygar bilen ajaýyp suratlary çekdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga, işlemäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.