logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Halkara senetçilik festiwalynda medeniýetimiz, sungatymyz dabaralandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, medeniýet we sungat ussatlarymyz diňe öz ýurdumyzda däl, dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara medeni çärelere yzygiderli gatnaşyp, halkymyzyň medeniýetiniň, sungatynyň gazananlary, ýagny, milli däp-dessurlarymyz, aýratynlyklarymyz, ýol-ýörelgelerimiz bilen dünýä halklaryny ýakyndan tanyşdyrýarlar.

2026-njy ýylyň 16-17-nji maýy aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Megri şäherinde geçirilen 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşan ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşlarynda, halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň dürdäneleri dünýä ýaýyldy. Nepis amaly-haşam eserlerimiziň sergilenmegi bolsa, türkmen halkynyň milli şaý-seplerine, dokma hem el işlerine hormat-sarpasynyň örän uludygyny, şeýle-de bu inçe işleri häzirki wagtda-da senetkärlerimiziň dowam etdirýändigini aýdyň açyp görkezdi. Festiwala gatnaşyjylar amaly-haşam gymmatlyklarymyz bolan şaý-seplerimiziň, dokma we el işlerimiziň nepisligini, gözelligini haýran galmak bilen synladylar. Halkara senetçilik festiwalynda bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýä ýaýylmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.