logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALKARA SERGILER BÝUROSYNYŇ WEKILÝETINIŇ DÖWLET MUZEÝINE GELIP GÖRMEGI

HALKARA SERGILER BÝUROSYNYŇ WEKILÝETINIŇ DÖWLET MUZEÝINE GELIP GÖRMEGI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17-ýyllygy mynasybetli ýurdumyza birnäçe döwletlerden telekeçileriň, işewür adamlaryň gatnaşmagynda forum geçirildi hem-de sergi guraldy.

Halkara Sergiler Býurosynyň Baş Sekretary Dmitri Kerkentzesiň ýolbaşçylygyndaky wekilýeti Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine geldiler. Myhmanlar Türkmen halkynyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny gorap saklanylýan muzeýiň taryhy ekspozisiýasyna aýlanyp, arheologiýa ýadygärlikleri we ol ýerlerden tapylan taryhy gymmatlyklar bilen tanyşdylar.

Myhmanlar Döwlet muzeýiniň ajaýyp binasyna, içiniň bezeg aýratynlyklaryna, türkmen halkynyň baý hem-de gadymy taryhyna, tapylan gymmatlyklara ýokary baha berip özleriniň hoşamaý sözlerini aýtdylar.