logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HALKARA TEATR BIRLEŞIGINIŇ KONFEDERASIÝASY

Ýakynda «Halkara teatr birleşiginiň konfederasiýasy» jemgyýetçilik birleşmeleriniň halkara bileleşigi tarapyndan 2026-njy ýylyň 30-njy martyndan 6-njy apreli aralygynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde Halkara Akustika teatr mekdebi taslamasynyň çäklerinde geçirilýän okuw maksatly sessiýasynyň 3-nji tapgyry geçirildi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary hem 2026-njy ýylyň 29-njy marty - 7nji apreli aralygynda geçirilen şu guramaçylykly okuw maksatly sessiýanyň 3-nji tapgyryna gatnaşyp, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň mugallymy režissýor Ezizmuhammet Atdaýewiň režissýorlyk etmeginde «Çarlak» atly sahna oýnuny goýdy. Bu sahna oýnunda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary: Atdaýew Ezizmuhammet, Rustemow Mälikberdi, Orazowa Laçyn hem-de institutyň talyplary: Uzuk Nowruzowa, Nurgözel Hydyrowa çykyş edip, «Halkara teatr birleşiginiň konfederasiýasynyň» gurama ýolbaşçylary tarapyndan diplomlar bilen sylaglandylar.